logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistan we Monako Knýazlygynyň diplomatik gatnaşyklarynyň 10 ýyllygy
  31.08.2025
1010
Türkmenistan we Monako Knýazlygynyň diplomatik gatnaşyklarynyň 10 ýyllygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasy Albert II-a we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli gutlag iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Döwlet Baştutanynyň hatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenip, Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy geljekde hem iki halkyň bähbidine giňeltmäge taýýardygy nygtaldy. Prezident Şazada Albert II-a berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Monako halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

 

Belläp geçsek, 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna sapar edip, Şazada Albert II bilen duşuşypdy.