logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Türkmenistan we TÜRKSOÝ köpugurly hyzmatdaşlygy
  28.03.2024
630
Türkmenistan we TÜRKSOÝ köpugurly hyzmatdaşlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Türkmenistan bilen Halkara Türk Medeniýet Guramasynyň özara we köpugurly hyzmatdaşlygy barha ilerleýär. Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde 2024-nji ýyly Türki döwletleriň halkara guramasy tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi hakynda çözgüt kabul edilipdi. Şeýle jähtden dana şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan ylmy maslahatlardyr medeni-köpçülikleýin çäreler halkara derejesinde giňden ýaýbaňlanýar.       

 

Magtymguly Pyragy türki dilli halklaryň arasynda örän möhüm şahsyýet. Tutuş türk dünýäsiniň buýsanjy bolan Magtymguly Pyraga dünýä derjesinde uly hormat goýulýar. Şahyryň edebi mirasy häzirki wagtda ýaş nesilleri terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak terbiýe mekdebidir. Şol mynasybetli-de, türkmeniň akyldar oglunyň dürdäne şygyrlary dürli dillere terjime edilip, dünýäniň nusgawy edebiýatynda görnükli orny eýeleýär.    

 

TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” şeýle-de gadymy Änew şäherini üstümizdäki ýyl üçin “Türki dünýäniň medeni paýtagty” hökmünde yglan etmek baradaky çözgüdi bagtyýar halkymyz üçin goşa şatlykdyr.   

 

Selbi HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.