logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Türkmenistan we Ýaponiýa - medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrýan çäre
  24.10.2024
577
Türkmenistan we Ýaponiýa - medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrýan çäre

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy we Ýaponiýanyň «Çagalar daşary ýurtlar bilen tanyşýarlar» maksatnamasy tarapyndan Tokio şäherinde mekdep okuwçylary üçin Türkmenistany tanyşdyrýan medeni çäre guraldy.


Bu çärede ýurdumyzyň taryhy, geografiýasy we medeniýeti barada sapaklar geçirilip, türkmen milli aýdym-sazlary we tanslary ýerine ýetirildi. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň milli mirasyny tanyşdyrýan sergi gurnaldy.


Çärä Tokionyň Akaşi orta mekdebiniň başlangyç synp okuwçylary we olaryň ene-atalary gatnaşdylar. Şeýle medeni çäreler iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de türkmen medeniýetini dünýäde wagyz etmäge uly goşant goşýar.