logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen energetika boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlar
  26.03.2024
742
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen energetika boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlar

Ýewropa Bileleşigi bilen dialogy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmek, şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Brýussel şäherine saparyny guramak teklip edilýär.

 

Mundan başga-da, şu ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlaryny yzygiderli we ulgamlaýyn esasda guramak; Energetika pudagynda gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ugry boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi.

 

Ýewropa Bileleşigi bilen ýurdumyzyň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygyny binýatlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa formatyndaky Utgaşdyryjy platformany döretmek meselesini işlemek teklip edilýär.

 

Ynsanperwer gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň ugurdaş düzümleri bilen bilelikde täze bilim maksatnamalaryny işläp düzmek boýunça işlere başlamak, hususan-da, hünär öwrenmek babatda maksatnamany düzmek; şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky Adam hukuklary boýunça Dialogy Aşgabatda geçirmek bilen baglanyşykly teklipler beýan edildi.

 

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Halkara Oba hojalyk ösüş gaznasyna (IFAD) agza bolmagy bilen bagly degişli işleri geçirmäge başlamak, BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasy (FAO) bilen bilelikde şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmek teklip edilýär.

 

Täçnabat HOJAÝEWA, 

 

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň talyby.