Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistan ýoduň gory boýunça dünýäde öňdäki orunda barýar!
  15.02.2023
996
Türkmenistan ýoduň gory boýunça dünýäde öňdäki orunda barýar!

Türkmenistan ýoduň gorlary boýunça dünýäde öňdäki döwletleriň hatarynda tanalýar. Häzirki wagtda welaýatlarda ýod önümçiligi boýunça üç sany kärhana bolup, olar — «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» we «Bereket» ýod zawodlary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň ýod zawodydyr. Olaryň önümhanalarynda häzirki zaman tehnologiýalary esasynda taýýarlanylýan tehniki ýoduň agramly bölegi dünýä bazarlaryna eksport edilýär.

Belläp geçsek, geçen ýyl tutuş ýurdumyz boýunça öndürilen tehniki ýoduň ähli möçberleri 746 tonna golaý boldy. Şonça önümiň 170 tonna golaýy «Balkanabat» ýod zawodyna, 239 tonnadan gowragy «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetine, 338 tonna golaýy bolsa «Bereket» ýod zawodyna degişlidir. Zemin kartasyna nazar aýlanyňda, taýýar tehniki ýody dünýä bazarlaryna çykarmakda Türkmenistanyň geografik taýdan has amatly künjekde ýerleşýändigine göz ýetirmek kyn däldir. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe welaýat boýunça bu gymmatly önümiň 639 tonnadan hem gowragy taýýarlanylyp, önümçiligiň ösüş depgininiň 103 göterime golaý ýokarlandyrylmagy bolsa, bu ugurda bitirilýän işleriň döwrebap dowamat tapýandygyna güwä geçýär.

Aslynda, bizi gurşap alan tebigatdaky ýoduň birleşmeleriniň bir bölegi ýerasty suwlaryna geçýär. Ony almak üçin peýdalanylýan ýod-bromly suwlara bolsa Günbatar Türkmenistan örän baýdyr.

Ýoduň janly bedeniň derisine daglaýjy we ýokançsyzlandyryjy täsiri bar. Ýod janly organizmlerde zerur bolan mikroelementleriň biridir. Bu elementiň organizmde azlygy adamda endemik zob keseliniň döremegine sebäp bolýar. 

 

Batyr ILAMANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.