logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Türkmenistan – ÝUNESKO gatnaşyklary berkeýär
  06.03.2023
820
Türkmenistan – ÝUNESKO gatnaşyklary berkeýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň dünýä medeniýetinde ebedi orun alan medeni mirasyny düýpli öwrenmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrylýar. Milli gymmatlyklarymyz türkmen halkynyň medeni mirasynda, halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatynda özboluşly orny eýeleýär. Geçmiş taryhyna uly sarpa goýýan türkmen halkymyzyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda ÝUNESKO bilen Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan hyzmatdaşlygy giň gerime eýe bolýar. Medeni hem-de taryhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenjiň ýadygärlikleri, Nusaý galalary, «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi aýdym we tans dessury», Türkmen milli halyçylyk sungaty, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça degişli işler üstünlikli dowam edýär. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde «Türkmen keçe sungatyny», halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we türkmen alabaýlarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu asylly tagallalar halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Köpýyllyk özara gatnaşyklaryň netijesinde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň şäherleriň döredijilik toruna girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu halkara tor dünýä şäherleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de şäherleriň durnukly ösüşi boýunça halkara tejribeleri alyşmak maksady bilen döredilip, häzirki döwürde ol 180 töweregi şäherleri öz içine alýar. Milli gymmatlyklarymyzy, mirasymyzy dünýä derejesinde has-da dabaralandyrmak babatda ýola goýulýan şeýle belent başlangyçlar ösüşleriň hem özgerişleriň nyşanydyr. 

 

Ogulnäz AMANGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.