Häzirki wagtda ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO-nyň kafedralary, şeýle-de birnäçe ýokary hünär bilim edarasynda ÝUNESKO klublary açyldy. 6 sany orta mekdep bolsa bu guramanyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizildi. Ýokary okuw mekdeplerine halkara reýtinge goşulandygyny tassyklaýan şahadatnamalar gowşuryldy.
Ýurdumyz milli bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ony dünýä giňişligine çykarmak üçin yzygiderli we maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen bilelikde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde «Parahatçylygyň dilleri», «Parahatçylygyň medeniýeti» we «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO klublarynyň açylandygyny bellemek gerek.
Mundan başga-da Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz» atly kluby hereket edýär.
Şeýle hem Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ÝUNESKO-nyň «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly kluby döredildi. Bu klubyň işi Türkmenistanyň özboluşly medeni mirasy bolan ahalteke atçylygyny gorap saklamaga hem-de dünýäde giňden ýaýmaga ýardam eder.
Gülaýym BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.