Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistan ýurdumyzy ösüşlere beslemegiň ýolunda
  20.04.2023
441
Türkmenistan ýurdumyzy ösüşlere beslemegiň ýolunda

Hormatly Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm ugry hökmünde diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berýär. Bu ugurda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň ösüşiniň täze maksatlaryna gönükdirilen wajyp çäreler durmuşa geçirilýär. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynda ähli pudaklary, şol sanda nebitgaz, himiýa, energetika pudaklaryny, ýeňil senagaty döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Senagat toplumynyň ähli düzümlerine iri maýa goýum serişdelerini çekmegiň hasabyna, milli ykdysadyýetimize dünýä tejribesiniň we ylmyň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň wajypdygyna üns berilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini toplumlaýyn özleşdirmegiň hem uly geljegi bar. Ulag-logistika düzüminiň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, oba hojalygyny we onuň bilen baglanyşykly pudaklary durnukly ösdürmek, oba hojalyk maksatly ýer gaznalarynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek, Daşoguz we Ahal döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek maksady bilen, ýakyn ýyllar üçin meýilleşdirilen taslamalar, Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişi has hem batlanýar.

Azyk önümleriniň bolçulygynyň üpjün edilmegi we olaryň görnüşleriniň artmagy bazar gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny, telekeçileriň mümkinçilikleriniň yzygiderli artýandygyny görkezýär. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn özgertmäge mynasyp goşant goşýan hususyýetçiler hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullaryny ulanýarlar. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna önümçilik ýokarlandyrýarlar. Ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň, ýyladyşhana hojalyklarynyň çägi giňeldilýär. Bu bolsa ýylyň ähli paslynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge, içerki bazary önüm bilen üpjün etmäge we düzümiň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwrebaplaşdyrmakda oňa maýa goýum serişdelerini çekmegiň oňyn netije berýändigini bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durmuş tehnikalaryny, soňky ýyllarda uly islegden peýdalanýan smart-telewizorlary öndürýän düzümleriň işi hem bellenmäge mynasypdyr. Şol bir wagtyň özünde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary häzirki zaman senagat we elektron önümleriniň, onlaýn okuw programmalarynyň, «akylly» öý tehnologiýalarynyň önümçiligini netijeli özleşdirýärler. Şeýle önümçilik möçberiniň ýylsaýyn artmagy eziz diýarymyzy ösüşlerden-ösüşlere atarýar. Umuman, Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly we öňdengörüjilikli döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan ägirt uly maksatlara üstünlikli ýetmekde ygtybarly kepil bolup hyzmat edýär. 

 

Gözel AKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.