logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Türkmenistana «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglaryň 150-si geldi
  22.09.2022
648
Türkmenistana «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglaryň 150-si geldi

Mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze satyn alnan «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi.


Ýeňil awtoulag taksilerinde bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde töleg geçirmek üçin elektron planşetler oturdylan. Awtoulaglarda GPS ulgamynyň abzallary oturdylyp, munuň özi awtoulag serişdesiniň islendik wagtda nirede ýerleşýändigini kesgitlemäge, sürüji tarapyndan tizlik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu täze gelen ýeňil taksi awtoulaglary dünýä ülňülerine laýyk gelýän howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologik talaplara doly laýyk gelýär.