logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Türkmenistanda 20-nji martda gowaça ekişi başlanar
  18.03.2024
653
Türkmenistanda 20-nji martda gowaça ekişi başlanar

Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 20-nji martda gowaça ekişi başlanar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýtdy.

 

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişi möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini belledi. Bu möwsüm pagtaçy daýhanlaryň öňünde örän möhüm wezipeleri goýýar. 

 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 27-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşululardan gowaça ekişine «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Döwletgeldi Potçykow,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.