logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Türkmenistanda 21 ýaşyna ýetmediklere temmäki önümleriniň satylmagy gadagan edildi
  01.12.2022
1252
Türkmenistanda 21 ýaşyna ýetmediklere temmäki önümleriniň satylmagy gadagan edildi

30-nji noýabrda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgeşme resmi türkmenmetbugatynda çap edildi we güýje girdi.

Täze kabul edilen Kanuna laýyklykda 2013-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynyň ikinji böleginiň 7-nji bendinde, bäşinji, altynjy we ýedinji böleklerinde «kämillik» we «On sekiz» diýen sözleri degişlilikde «ýigrimi bir» we «Ýigrimi bir» diýen sözlere çalşyryldy.

Ýagny girizilen üýtgeşmä laýyklykda, mundan beýläk temmäki önümleriniň satylýan ýerlerinde, kassa enjamynda ýa-da onuň ýanynda hökmany suratda «Temmäki önümlerini 21 ýaşyna ýetmediklere satmak gadagandyr» diýen ýazgy ýerleşdirilen bolmaly we 21 ýaşa ýetendigine şübhe dörän temmäki önümini alýan şahsa temmäki önümleri satylýan mahalynda satyjy käbir borçlara eýedir. Şeýle ýagdaýda satyjy alyjynyň hakyky ýaşyny kesgitlemek maksady bilen pasportyny (onuň ornuny tutýan resminamany) talap etmäge; eger pasporty (onuň ornuny tutýan resminamasy) görkezilmedik ýagdaýynda, temmäki önümini satmakdan ýüz öwürmäge borçludyr.