Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Türkmenistanda +40 gradusa ýetýän yssy howa bolar!
  05.06.2023
645
Türkmenistanda +40 gradusa ýetýän yssy howa bolar!

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Balkan welaýatynda:
 üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus maýyl bolar. 

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradus maýyldan +35... +40 gradus aralygynda yssy bolar. 

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus maýyldan +36... +41 gradus aralygynda yssy bolar. 

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +36... +41 gradus aralygynda yssy bolar. 

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17... +22 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus maýyldan +35... +40 gradus aralygynda yssy bolar. 

Paýtagtymyz Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 11 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +22 gradusdan +24... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +32 gradus maýyldan +38... +40 gradus aralygynda yssy bolar.