logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Türkmenistanda açylan ilkinji ÝUNESKO kluby
  27.02.2023
785
Türkmenistanda açylan ilkinji ÝUNESKO kluby

2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO kluby açyldy. Açylyş dabarasyna institutyň ýolbaşçy düzümi, mugallymlardyr talyplar, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň wekilleri gatnaşdy.

Bu ÝUNESKO-nyň klubunyň döredilmeginiň esasy maksady ylym, medeniýet we bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmek, ÝUNESKO-nyň ynsanperwer ýörelgelerini we ugurlaryny, adamlaryň arasynda parahatçylyk we özara düşünişmek baradaky maksatlaryny wagyz etmek üçin talyp ýaşlary we uly ýaşly adamlary ÝUNESKO-nyň klubuna birleşdirmekden ybaratdyr. Klubyň wezipesi medeniýetleriň arasyndaky aragatnaşyklar, beýleki medeniýetlere hormat bilen garamagy terbiýelemek, medeni-taryhy gymmatlyklary gorap saklamak, tebigaty goramak bilen birlikde halkara guramasynyň ugurlaryny ösdürmegi dowam etmek bolup durýar.

ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk dilleri» kluby dil bilimi ulgamynda bu ýeke-täk türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň, aspirantlarynyň hem-de mugallymlarynyň meýletin jemgyýetçilik birleşmesi görnüşindedir.

ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk dilleri» klubunyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary: medeniýetleriň arasyndaky aragatnaşyklar, ylym-bilim taslamalaryna gatnaşmak bolup durýar. Işleriň çäklerinde «DÖM 4 – Bilim-2030» maksatnamasyna gatnaşmak boýunça forumlary we okuw maslahatlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Klub ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet merkezleri we ÝUNESKO-nyň klublarynyň sebitleýin Assosiasiýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. 

 

Şemşat ŞYHMUHAMMEDOWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.