logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär
  23.04.2026
304
Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddin hem-de “Petronas Çarigali (Türkmenistan)” kompaniýasynyň we Petronas nebit tehnologik institutynyň wekiliýeti bilen duşuşdy.

 

Duşuşykda esasy üns nebit-gaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi. Şeýle hem tehniki orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň Petronas kompaniýasynyň bilim we ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Petronas kompaniýasynyň wekilleri özleriniň diňe tebigy baýlyklary özleşdirmek bilen çäklenmän, hyzmatdaş ýurtlarynda adam maýasyny ösdürmäge hem uly ähmiýet berýändigini nygtadylar. Tejribe alyşmak we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmek esasy ugur hökmünde görkezildi. Şeýle-de kompaniýanyň hünär taýýarlygy we gysga möhletli okuwlary öz içine alýan bilim maksatnamalary barada giňişleýin maglumat berildi.

 

Duşuşykda Petronas Tehnologiýa uniwersiteti, nebit tehnologiýa instituty, “Alam” deňiz akademiýasy hem-de beýleki bilim we ösüş merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Şeýle hem Petronas tarapyndan hödürlenýän talyp haklarynyň esasynda türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda bilim alýandygy bellenildi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarydyr mugallymlary her ýyl bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen Petronas Tehnologiýa uniwersitetine iberilýär.

 

Mundan başga-da, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birnäçe ylalaşyklaryň baglaşylmagy bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär.