logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /«Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler
  29.06.2026
553
«Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler

Ýurdumyzda oba hojalygy pudagynda ylmy işleri we innowasion çözgütleri giňden wagyz etmek maksady bilen «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly täze ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek göz öňünde tutulýar.

 

Elektron žurnal oba hojalyk pudagynda gazanylan öňdebaryjy tejribeleri, ylmy barlaglaryň netijelerini we häzirki zaman tehnologiýalaryny okyjylara ýetirmegi maksat edinýär.

 

Täze neşirde agronomiýa, agroekologiýa, gidromeliorasiýa, sanly oba hojalygy hem-de agrosenagat toplumynda ulanylýan ýokary tehnologiýalar bilen baglanyşykly ylmy makalalar çap ediler.

 

Žurnal türkmen, iňlis we rus dillerinde elektron görnüşde neşir edilip, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň professorlaryna, alymlaryna, mugallymlaryna hem-de talyplaryna öz ylmy işlerini çap etdirmek üçin giň mümkinçilik döreder.

 

Oba hojalygy pudagynda şeýle işleriň durmuşa geçirilmegi alymlaryň pikir alyşmagyna, olaryň teklipleriniň goldanylmagyna ýardam etmek bilen, alynýan hasylyň hem ýokary hilli bolmagyny şertlendirer. Hut şu maksatdan ugur alyp hem bu ugurda dürli görnüşdäki işleri alyp barýan alymlar özleriniň ylmy işlerinden bölekleri, makalalary žurnala çapa bererler.