logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistanda balaryçylyk bilen meşgullanýanlar köpelýär!
  30.01.2023
1598
Türkmenistanda balaryçylyk bilen meşgullanýanlar köpelýär!

Ençeme ýokumly maddalara baý bolan ary baly bütin dünýäde uly islege eýe bolup, balaryçylyk iň bir düşewüntli hem-de girdejili pudaklaryň biri hasaplanylýar. Şundan ugur alyp, hususy pudagyň wekilleri bu ugurda netijeli iş alyp barýarlar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Islam Ýakubow hem Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynda ýerleşýän kärhanasynda «Genç» haryt nyşany bilen balaryçylyk önümlerini öndürip, halkymyza hödürleýär. Telekeçi indi 30 ýyldan bäri ary maşgalalaryny saklap gelýär. Hususy kärhanada iň öňdebaryjy usullary ulanmak arkaly arylaryň bol önümli görnüşleri tebigat şertlerimize uýgunlaşdyrylýar. Kärhanada häzirki wagtda ary balynyň 10 görnüşi öndürilýär.

Belläp geçsek, balçylyk bilen meşgullanýan hususy pudagyň wekilleriniň ýene-de biri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Öwezmyrat Penjiýewdir. Onuň Lebap welaýatyndaky hususy önümçilik kär-anasynda ary balynyň uly mukdary öndürilýär we «Enemeli», «Köýtendagly» haryt nyşanlary bilen alyjylara ýetirilýär.