Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi
  08.04.2024
466
Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar.

 

Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär.

 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar, taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Degişli düzümler döwrebaplaşdyrylyp, ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk, sport maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe we sport saglygy berkitmegiň, beden hem ruhy taýdan öz-özüňi kämilleşdirmegiň ýoludyr. Hormatly Prezidentimiziň şeýle sport çärelerine gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

 

Umuman, häzirki döwürde Türkmenistan türgenleşikleri geçirmek, türgenleriň ussatlygyny kämilleşdirmek, sport ulgamyna degişli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ägirt uly tejribä hem mümkinçiliklere eýedir. Döwletimiziň yzygiderli goldawlary netijesinde türgenlerimiz ajaýyp üstünlikleri gazanýarlar. 

 

Aýgül ABDYÝEWA,

 

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň talyby.