logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Economics /Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler
  22.10.2025
445
Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler

2025-nji ýylyň 3–4-nji noýabry aralygynda Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara konferensiýa we sergi (CIET-2025) geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary hem-de halkara hyzmatdaşlary tarapyndan habar berilýär.

 

Foruma Ýaponiýadan, Türkiýeden, Günorta Koreýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we beýleki ýurtlardan 300-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. Guramaçylar bu çäreni türkmen telekeçileri üçin dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm halkara platforma hökmünde häsiýetlendirýärler. Bu ýyl birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistana ilkinji gezek gelmegi meýilleşdirilýär.

 

Ýokary derejeli gatnaşyjylaryň hatarynda “Mitsubishi Heavy Industries” kompaniýasynyň Prezidenti we Baş direktory Eisaku Ito, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak, “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekiliýetiniň direktory Tomohiro Takashina hem-de “CONNEX Support Unit”-iň hyzmatdaşlyk we donor gatnaşyklary boýunça uly geňeşçisi Richard Dion bar.

 

CIET-2025-niň çäklerinde iri infrastruktura taslamalarynyň düýbüni tutmak dabaralary, akylly gurluşyk, arassa energetika we durnukly senagat ösüşi boýunça interaktiw sessiýalar hem-de täze tehnologiýalaryň sergisi guralar. Bu giň gerimli çäre ýurdumyzyň gurluşyk we senagat işgärleriniň güni bilen gabat gelip, baýramçylyk ruhuny has-da artdyrar.

 

Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Türkmen Energiýa Forumy çykyş edýärler. Oňa gatnaşmak üçin hasaba alyş 25-nji oktýabra çenli açykdyr.

 

Jeren AGAMYRADOWA,


Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.