logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanda ders bäsleşiklerini we garaşsyz synaglary geçirmek üçin «Zehin» atly sanly ulgam dörediler
  22.12.2022
1289
Türkmenistanda ders bäsleşiklerini we garaşsyz synaglary geçirmek üçin «Zehin» atly sanly ulgam dörediler

21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Bilim ministri G.Ataýewa Arkadag şäherinde gurulýan bilim edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, bu ugurdaky işlere professor-mugallymlary we talyp ýaşlary çekmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda her biri 720 orunlyk 4 sany umumybilim berýän mekdebiň, 10 sany çagalar bagynyň, Halkara atçylyk akademiýasynyň, Ahal welaýat mugallymçylyk hem-de lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň, 1 sany 7 gatly, 28 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Geçirilýän işleriň çäklerinde bilim ulgamynyň sanly çözgütleri, şol sanda «elektron mekdep» ulgamyny, okuw maksatnamalaryna girizilen kitaplaryň ählisini bir ýerde jemleýän sanly kitaphana ulgamyny, onlaýn ders bäsleşiklerini we garaşsyz synaglary geçirmäge mümkinçilik berýän «Zehin» atly sanly ulgamy girizmek bilen bagly teklipler taýýarlanyldy. Şeýle-de ähli bilim edaralaryny mugallymlar bilen üpjün etmek babatda hem degişli işler alnyp barylýar.