logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanda diplomlary ykrar edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň sanawy:
  19.01.2023
2396
Türkmenistanda diplomlary ykrar edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň sanawy:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi diplomlary ykrar edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 2023-nji ýyldaky sanawyny çap etdi. Sanawda dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 1500-den gowragy ýerleşdirilen.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanan we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde 1212 san bilen döwlet belligine alnan «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä» laýyklykda, ministrlik tarapyndan daşary ýurt döwletlerinde okuwyň diňe gündizki görnüşinde okalyp alnan hünär bilimi hakyndaky resminamalar ykrar edilýär.

2023-nji ýyl üçin taýýarlanan we ýurtda diplomlary ykrar edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň sanawy dünýädäki iň abraýly üç uniwersitetiň («Times Higher Education World University Rankings», «Academic Ranking of World Universities» we «QS World University Rankings») hasabatlaryna esaslanýar.

Sanawy şu ýerden görüp bilersiňiz!