logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Technology /Türkmenistanda domenler üçin onlaýn töleg hyzmaty açyldy
  06.02.2023
1044
Türkmenistanda domenler üçin onlaýn töleg hyzmaty açyldy

«Türkmendomen» hojalyk jemgyýetiniň resmi web saýty arkaly indi domen atlaryny bellige almak hyzmatlarynyň tölegini «Halkbank» PTB, «Senagat» PTB, «Rysgal» PTB, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň kartlary arkaly onlaýn töläp bolýar.

Tölegi geçirmek örän ýeňil bolup, munuň üçin birnäçe ýönekeý amallar ýerine ýetirilýär:

Internet tory arkaly tmdomain.com.tm web-saýtyna girmeli;

«Töleg» bölümindäki «Töleg (domen)» bölümçesine geçmeli;

Ady, familiýasy, telefon belgisi, e-mail, domen ady barada maglumatlary hem-de şertnamada görkezilen belgisini we nyrhnama laýyklykda zerur pul möçberini girizmeli.

Soňra bolsa sanawda görkezilen bank kartlaryndan töleg geçirjek kartyňyzyň görnüşini saýlamaly. Bank karty saýlanandan soň hyzmat awtomatik usulda töleg sahypasyny açýar.Şol ýerde bolsa kartyň maglumatlaryny girizip, töleg geçirilýär. Töleg «Türkmendomen» HJ-niň hasaplaşyk hasabyna geçiriler.