logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistanda elektrik energiýasynyň önümçiligi we eksporty ýokarlanýar!
  20.02.2023
1181
Türkmenistanda elektrik energiýasynyň önümçiligi we eksporty ýokarlanýar!

Halkara energetika agentliginiň (IEA) «Elektrik energiýa bazary 2023» atly hasabatyna görä, Türkmenistanyň 2022-nji ýylda elektrik energiýa eksporty 2021-nji ýyl bilen deňeşdirende 30 göterim ýokarlanypdyr. Türkmenistan geçen ýyl elektrik energiýa önümçiligini 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11 göterim ýokarlandyrdy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, eksportyň ýokarlanmagy ýurduň Mary welaýatynda ýerleşýän iri elektrik stansiýasynda önümçiligiň artdyrylmagy bilen baglydyr.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň awgust aýynda Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýanyň eksportyny ýola goýup, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda onuň üpjünçiligini 1,7 terawat sagada çenli artdyrdy diýip, «IEA» - öz hasabatynda belledi. Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda elektrik energiýa üpjünçiligini ýylda 4 terawat sagada çenli artdyrmak boýunça ylalaşdylar. Bu bolsa Özbegistanyň elektrik energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyryp biler.

Belläp geçsek, Halkara energetika agentliginiň (IEA) merkezi Pariž şäherinde ýerleşip, ol 1974-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda oňa dünýäniň 300-dan gowrak ýurdy agza bolup durýar. Agentligiň maksady köpçülikleýin energiýa howpsuzlygyny döretmekden ybaratdyr. 

 

Atajan MYLKYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.