logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Türkmenistanda elektrowozlar we elektrik otlulary peýda bolar
  11.02.2023
1112
Türkmenistanda elektrowozlar we elektrik otlulary peýda bolar

Mälim bolşy ýaly, 10-njy fewralda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew 2022-nji ýylda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Arkadagly Serdarymyz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmekde üstaşyr geçelgeleriň ugurlaryny giňeltmek, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşi babatda hyzmatlary ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak üçin elektrikleşdirilen demir ýollary gurmak boýunça degişli teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz awtoulag kärhanalarynyň parkyny döwrebap awtobuslar, taksiler we dürli görnüşli ýük awtoulaglary bilen yzygiderli üstüni ýetirmek boýunça işleri dowam etdirmegi, elektromobilleri awtoulag ulgamyna ornaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi geljegi uly meýilnamalaryň hatarynda görkezdi. Howa gatnawlaryny çäklendirmelerden öňki derejelerine ýetirmek, täze, ykdysady taýdan has amatly bolan ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmak, ýük daşalýan ugurlary giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.