logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /“Türkmenistanda energiýa netijeliligi: gazanylan üstünlikler we geljek” atly halkara konferensiýasy geçirildi
  20.12.2023
671
“Türkmenistanda energiýa netijeliligi: gazanylan üstünlikler we geljek” atly halkara konferensiýasy geçirildi

Ýaňy ýakynda Türkmenistandan, Ýewropa Bileleşiginden, Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinden bilermenler, energiýa pudagy boýunça hünärmenler, halkara hem-de maliýe guramalaryndan gyzyklanma bildirýän wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Türkmenistanda energiýa netijeliligi: gazanylan üstünlikler we geljek” atly halkara derejesinde konferensiýa geçirildi.  

 

 

Maslahatda energiýa syýasaty boýunça işleri alyp barýan ýörite bilermenler ýurdumyzda elektrik energetikasy pudagynda ýetilen sepgitleriň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda energiýa tygşytlama boýunça alnyp barylýan netijeli işleriň ýokary ähmiýete eýedigini nygtamak bilen bu asylly işleriň halkara derejesinde zerurdygyny bellediler.

 

 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ileri tutulýan ugurlaryň biri. Munuň şeýledigini bu pudakda ýurdumyzda yzygiderli alnyp barylýan işleriň mysalynda aýdyň görmek bolýar.  

 

 

Durnukly energetika günleriniň çäklerinde geçirilen Mary welaýatyndaky halkara maslahat hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek we giňeltmek, bilelikde gazanylan oňyn netijelere seljerme bermek hem-de degişli ugurdaky taslamalary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak maksady esasynda alnyp baryldy.

 

 

Tirkiş ORAZSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.