logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Türkmenistanda geçirilen ekologik okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär
  29.10.2022
760
Türkmenistanda geçirilen ekologik okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär

28-nji oktýabrda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy.

Okuw sapagynda üzümi ösdürip ýetişdirmäge we oňa ideg etmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň wajypdygy aýratyn bellendi. Şeýle hem bu ýere ýygnananlar miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmegiň esaslary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, erik bilen şetdalyny sapmak usuly görkezildi.

Okuw sapagy tamamlanandan soňra, hünärmenlere alan nazaryýet bilimlerini tejribede ulanmak mümkinçiligi döredildi. Olar üzüm nahallaryny ekmäge gatnaşdylar. Şeýlelikde, bu ýerde üzümiň «gara kişmiş» görnüşiniň  500-den gowrak düýbünden ybarat üzümçiligiň düýbi tutuldy. Munuň özi açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle giň gerimli okuw sapagynyň ajaýyp jemlenmesi boldy. Bu çäräni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmegi teklip etmek meýilleşdirilýär.