logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Technology /Türkmenistanda gün stansiýalaryny gurmaga kömek edip biljek programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanyldy
  26.01.2023
1338
Türkmenistanda gün stansiýalaryny gurmaga kömek edip biljek programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça Ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri geljekde netijeli gün we ýel elektrik stansiýalaryny gurmaga kömek etjek programma üpjünçiligini işläp taýýarladylar.

Sanly ulgam gelejekki fotoelektrik we ýel elektrik stansiýalaryň kuwwatlylygyny tiz we anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär, belli bir ýer boýunça gün we ýel energiýasynyň işläp biljek kuwwatyna baha bermäge kömek edýär. Bu ugurdaky iş dowam etdirilýär. Şeýlelikde, ýurduň welaýatlary boýunça günüň we şemalyň kuwwatyny bahalandyrmak üçin sanly esas döredildi, bu bolsa gün we ýel elektrik stansiýalarynyň oturdyljak ýerini kesgitlemek üçin mümkinçilikleri giňeldýär.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we aspirantlary 2012-nji ýyldan bäri ýylylyk bilen üpjün etmek üçin energiýadan we günden peýdalanmak mümkinçiliklerini öwrenýärler. Bu işler iki gatly özbaşdak energiýa bilen üpjün edýän desgada oturdylan kuwwaty 2 kWt bolan gün-ýel elektrik stansiýasynda we meýdany 1,6 m2 wakuum gün kollektorynda alnyp barylýar.

2014-nji ýyldan bäri ýokary okuw mekdebiniň binýadynda «energiýanyň adaty bolmadyk we gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri» hünäri boýunça inženerler taýýarlanylýar. Olar geljekde Türkmenistanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasynda işleýän gurluşlaryň taslamalarynyň, hasaplamalarynyň we işe girizilmegiň üstünde işlärler. 

 

Bägül AGANAZAROWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Diller kafedrasynyň mugallymy.