logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanda ilkinji gezek halkara «OMOUS-2023» olimpiadasy geçirilýär
  25.04.2023
1340
Türkmenistanda ilkinji gezek halkara «OMOUS-2023» olimpiadasy geçirilýär

24-nji aprelde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde III Açyk halkara matematika olimpiadasyna (OMOUS-2023) dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Bu Açyk halkara matematika olimpiadasy ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär.

Birnäçe günläp dowam etjek halkara olimpiada GDA-nyň, Latyn Amerikasynyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryndan zehinli ýaşlar gatnaşýar. Olimpiada iki görnüşde — ýekebara we toparlaýyn görnüşlerde geçirilýär. Onuň emin agzalary ýurdumyzyň we bu bäsleşige gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybaratdyr.

Açyk halkara olimpiadanyň geçirilmegi, türkmen talyplarynyň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek bilen birlikde, ýurdumyzyň sanly bilim ulgamyna geçmekdäki üstünlikli gadamlaryna, ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalara ezberlik bilen erk edýändigine göz ýetirmäge hem mümkinçilik berer. 

 

Şadyýar BABAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.