logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Technology /«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnaly neşir ediler
  21.11.2022
1514
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnaly neşir ediler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehologiýalar merkezinde «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» ady bilen her çärýekde ylmy-amaly elektron žurnaly neşir ediler. Žurnalyň wezipesi ýaş alymlaryň geljegi, olaryň uly açyşlaryny goldamaga we ýurduň ylym hem-de tehnika ulgamynda innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Internet neşiriň sahypalarynda ylmy barlaglar esasynda öňde baryjy usullaryň, tejribeleriň we tehnologiýalaryň, ylmyň hem-de tehnikanyň iň täze gazananlarynyň çalt önümçilige ornaşdyrylmagynyň, önümçilige ornaşdyrylanlarynyň, ylym we tehnika ulgamynda täze usullaryň hem-de innowasion tehnologiýalaryň meselelerine garalar.

Žurnalyň redaksiýasyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň uniwersitetleriniň alymlarydyr mugallymlary girer.