logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Türkmenistanda internet tizligi ýokarlandyrylýar!
  22.02.2023
2069
Türkmenistanda internet tizligi ýokarlandyrylýar!

1-nji martdan «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy we «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, fiziki şahslara hödürleýän internet hyzmatlarynyň bahalarynyň arzanladylýandygyny we ýokary tizlikli täze nyrhnamalaryň güýje girýändigini habar berýär. 

Täze girizilen nyhnamalara laýyklykda hyzmatyň 1 aýlyk bahasy: 

Tizligi 1 Mb/s Internet hyzmaty üçin – 150 manat;
Tizligi 2 Mb/s Internet hyzmaty üçin – 180 manat;
Tizligi 4 Mb/s Internet hyzmaty üçin – 230 manat;     
Tizligi 6 Mb/s Internet hyzmaty üçin – 280 manat.
 

Öň tizligi 512 Kb/s Internet hyzmatyndan peýdalanýan we aýda 150 manat töleýän müşderiler awtomatik usulda, nyrhyny (150m) üýtgetmezden 1 Mb/s tizlikli Internet hyzmatyna geçirilýär. Şeýle hem, 1 Mb/s iň pes tizlikli Internet hyzmaty bolup durýar.

Häzirki wagtda täze nyrhnamaly tizliklere geçmek islegleri barada müşderilerden degişli ýüzlenme arzalary kabul edilip başlandy.