logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmenistanda jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesi ýokarlanýar!
  14.02.2023
1642
Türkmenistanda jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesi ýokarlanýar!

Ilata edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde Aşgabatda ýerasty suwlaryň derejelerini peseltmek hem-de lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş örtüklerini gurmak bilen bagly Karara gol çekilmegi muny nobatdaky gezek subut etdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksadyndan ugur alnyp taýýarlanan resminama laýyklykda, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde guruljak jemagat-durmuş hyzmatlarynyň ugruna degişli desganyň taslamasyny «СAI Interbudmontazh GmbH» kompaniýasy ýerine ýetirer.

Möhüm desganyň gurluşygy babatda Aşgabat şäheriniň häkimligi Şweýsariýa Konfederasiýasynyň degişli kompaniýasy bilen şertnama baglaşar. Onda daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygynyň ýerine ýetirilmegi hem göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň fewral aýynda başlanyp, desga 2030-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar ediler. Bu bolsa, öz gezeginde, paýtagtymyzyň jemagat-durmuş ugurly möhüm desgalarynyň üstüni ýetirer. 

 

Gadam GYLYÇMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.