logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Nature /Türkmenistanda «kiçi çille» döwri başlady
  18.01.2023
1370
Türkmenistanda «kiçi çille» döwri başlady

Biziň ata-babalarymyz gyş paslyny «garagyş», «uly çille», «kiçi çille» we «soňky garagyş» ýaly döwürlere bölüpdirler.

Kiçi çille — bu 17-nji ýanwardan 5-nji fewral aralygyndaky, dowamlylygy 20 gün bolan döwürdir. Bu döwürde howa sowuk hem ygally bolýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde howanyň derejesiniň ortaça - 2, - 6, beýleki ýerlerinde bolsa - 2, +4 gradusa deň bolýandygyny köpýyllyk maglumatlar görkezýär.

Kiçi çillede ýagan gar ýerde köp ýatýar. Gar ýerde ýatsa, şüdügärlenen ýerleri bozukdyrýar, ol ýuwaş-ýuwaşdan eräp, ýeriň süňňüne siňip, yzgarlandyrýar. Bu bolsa geljekki hasyla bereket goşýar.

Kiçi çille döwründe güýzlük bugdaý gyşky «rahatlyk» ýagdaýynda bolýar. Şorlaşan ýerlerde şüdügärlenen meýdanlar tekizlenip, çil çekilýär we ýuwuş suwy tutulýar. Oba hojalyk tehnikalary abatlanyp, ýaz ekişine taýýarlyk görlüp başlanýar. Toprakda yzgar toplamak maksady bilen, miweli baglara gyş suwy berilýär. Howanyň amatly wagty agaçlary kesmek, timarlamak we şekil bermek işleri geçirilýär, ýaş nahallar oturdylýar.

Kiçi çille döwründe öri meýdanlarda garyň ýatýandygy, gyraw düşýändigi sebäpli mal bakmak üçin amatsyz bolýar. Şonuň üçin hem bu döwür dowarlary gyşlatmagyň iň aýgytly wagty hasaplanylýar.

Kiçi çilläniň mal-gara üçin-de, adamzat üçin-de ýeňil döwür däldigine halkymyzyň döreden nakyllary aýdyň şaýatlyk edýär. Mysal üçin, «Kiçi çillede inçe üzülip, ýogyn sozular» diýen pähim adamlara gündelik durmuşynda tebigatyň bu aýratynlygyny nazarda tutmalydygyndan habar berýär.

Kiçi çille maldarlar üçin örän jogapkärli döwürdir. Oňa: «Kiçi çille: «Ýalkasam — süýt-gatyk iýdirin. Gargasam — kellebaşaýak» diýilýän nakyl hem şaýatlyk edýär. Gyşyň aladasyny öňünden edip, ýeterlik ot-iým goruny döreden, ýyly ýataklarydyr agyllaryny abatlan dowardarlar bu jogapkärli döwürde mallary dok we ýyly gyşladýarlar.

Kiçi çillede howanyň ýygy-ýygydan üýtgäp durmagy bu pasla mahsus alamatdyr. Gar-ýagmyryň ýagmagy howanyň has sowamagy bilen utgaşýar. Gyşda ösümlikler «dynç alýarlar». Şonda daýhanlar üçin hem bilini ýazmaga az wagtlyk pursat döreýär. «Daýhan garda dynar, çarwa — görde» diýilmegi-de şonuň üçindir. 

Kiçi çille tamamlanyp, ol öz ornuny «soňky garagyşa» berer.