logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär
  02.04.2024
473
Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, raýatlarymyzyň beden saglygyny berkitmek, adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni maksatly çäreleri geçiriler. 


 

Bellenilişi ýaly, Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky “Welosiped binasynyň” ýanyndan badalga berler. Ýörişiň geçjek ýollarynyň ugrunda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary guralar. Şeýle hem şol gün Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda halkara ýaryşlarda altyn medallara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ikinji we üçünji orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy dowam etdiriler.


 

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, şeýle hem Aşgabat, Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreler guralar. Olara umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, hünär-tehniki, orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, kärhanalaryň, edaralaryň işgärleri, türgenler işjeň gatnaşarlar.

 

Hojadurdy HOJADURDYÝEW,  
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk  
institutynyň mugallymy.