logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Türkmenistanda “Lukmançylyk durmuş işgäri” atly täze hünärmenler halka hyzmat eder
  25.02.2024
569
Türkmenistanda “Lukmançylyk durmuş işgäri” atly täze hünärmenler halka hyzmat eder

Türkmenistanda lukmançylyk durmuş kömegi ugrundan täze hünärmenleriň birinji goýberiliş üçin guralan 8 aýlyk okuw tamamlandy. ÝUNISEF-iň goldamagynda alynyp barylýan bu okuw Türkmenistandaky birnäçe ilkinji lukmançylyk-sanitar edaralarda ýerleşýän täze lukmançylyk-durmuş işgärleri synasyna şikes ýeten çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň işjeň durmuşa goşulmaklaryna ýardam etmekde ýörite hyzmatlary bermek mümkinçiligini giňeltmäge mümkinçilik berer diýip “Türkmenistan: Altyn Asyr” habar berýär.

 

 

Bu hünärmenler ýaş çagalaryň psihiki saglygy, fizioterapiýasy, gatnaşygy, bu ugurda ýardam berjek tehnologiýalar we önümler ýaly birnäçe anyk ugurlar boýunça hem-de döwrebap hünär usullary baradaky maglumatlar, çaganyň irki ösüşi we ilkinji kömek dogrusynda çuňňur bilim aldylar.

 

 

Bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak ilatyň hal ýagdaýyny gowulandyrmak, saglyk babatda ejiz çagalara we olaryň maşgalalaryny goldamak üçin milli ugurlara laýyk gelýär.

 

 

Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasy hem bu ugurda düýpli işler alyp barýar. Häzirki wagtda bu  gazna Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabatda dürli kesellerden ejir çekýän çagalara we olaryň maşgalalaryna ýakyndan ýardam berýär. Onda zähmet çekýän hünärmenleriň bilim derejesini kämilleşdirmek, hereket edýän enjamlaryň iň soňky tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alynyp barylýar.

 

Musa Şamyradow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we Informatika Institutynyň
1-nji ýyl talyby.