Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Türkmenistanda maldarçylyk we weterinariýa ylmy-barlag instituty dörediler
  22.02.2025
1033
Türkmenistanda maldarçylyk we weterinariýa ylmy-barlag instituty dörediler

Maldarçylyk we weterinariýa ulgamy häzirki zaman oba hojalygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu pudagyň ylmy esasda ösdürilmegi azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde we ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ýola goýmakda uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek, weterinariýa hyzmatlaryny kämilleşdirmek hem-de öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler täze tapgyra gadam basýar.


Ýakynda kabul edilen çözgüde laýyklykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň binýadynda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa instituty dörediler. Bu täze institut maldarçylyk bilen baglanyşykly ylmy-barlag işlerini güýçlendirmäge, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de bu ugurdaky işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdiriler.


Täze dörediljek institut pudagyň ösüşini üpjün etmek üçin birnäçe ugurlar boýunça iş alyp barar:

Weterinariýa barlaglarynyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak – Mallaryň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin häzirki zaman tehnologiýalary we sanly çözgütler ulanylar.
Öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak – Ekologik durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin täze meýilnamalar işlenip taýýarlanylar.
Maldarçylyk önümleriniň gaýtadan işlenişini kämilleşdirmek – Çig malyň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek üçin häzirki zaman senagat tehnologiýalary ornaşdyrylar.
Ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak – Maldarçylyk we guşçulyk boýunça täze taslamalar durmuşa geçirilip, halkara tejribeler öwreniler.


Bu institutda alnyp baryljak işler diňe bir milli çäkde däl, eýsem, halkara tejribäniň giňden ulanylmagy bilen hem tapawutlanar. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň oba hojalyk ulgamynda gazanan üstünlikleri öwrenilip, maldarçylykda durnukly ösüşi üpjün etmegiň täze usullary ornaşdyrylar. Şeýle hem, institutda hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak üçin döwrebap okuw maksatnamalary işlenip taýýarlanylar.


Täze institut maldarçylygyň ylmy esasda ösdürilmegine uly itergi bermek bilen, oba hojalygy pudagynda önümçiligiň artmagyna we azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm ädimleriň biri bolar. Bu çözgüt, geljekde ýurduň oba hojalyk ulgamynda has ýokary netijeleri gazanmagyna mümkinçilik döreder.


Merdan Şükürow
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.