logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 3 milliard 880,3 million manatdan geçdi
  25.04.2023
1135
Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 3 milliard 880,3 million manatdan geçdi

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 3 milliard 880,3 million manatdan geçdi.

2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 3 milliard 551 million 603 müň 415 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda «Elektron-söwda» ulgamlary arkaly 236 million 56, 5 müň manatdan gowrak söwda edilip, «Mobil bank» ulgamy arkaly 4 million 183 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy. Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 80 million 22,4 müň manatdan we «Internet bank» ulgamy arkaly 812,1 müň manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, «Halkbank terminal» ulgamy arkaly 7 million 694 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy. 

 

«Bank habarlary» atly elektron žurnaly.