logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistanda öndürilen diş çotgalary içerki we daşarky bazarda uly islege eýe!
  19.01.2023
916
Türkmenistanda öndürilen diş çotgalary içerki we daşarky bazarda uly islege eýe!

«Täze saba» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän «CV-dent» haryt nyşanly, ýokary hilli diş çotgalary içerki we daşarky bazarda uly islegden peýdalanýar. Bu önümler ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň söwda nokatlarynda ýerlenilýär. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerine, Russiýa, Gazagystana, Özbegistana, Azerbaýjana, Gruziýa diş çotgalary eksport edilýär.

«Täze saba» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýär. Bu ýerde Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan. Kärhanada günde 25 müň sany diş çotgalary öndürilýär. Önümçilikde ýerli we daşary ýurt çig malyndan peýdalanylyp, kärhana-da işçi-hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekýär. Önümçilige başlanyna birnäçe aý geçen «Täze saba» kompaniýasy geljekde önümçilik kuwwatyny üç esse ýokarlandyrmagy, önümçiliginiň gerimini has-da giňeltmegi göz öňünde tutýar.