logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanda orta mekdepleri 90 müňden gowrak uçurym tamamlar
  30.05.2024
470
Türkmenistanda orta mekdepleri 90 müňden gowrak uçurym tamamlar

Türkmenistanda umumybilim berýän orta mekdepleriň uçurymlary üçin gutardyş synaglary 1-nji iýundan 15-nji iýuna çenli geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Ministrligiň berýän maglumatyna görä, uçurymlar jemi dört synag tabşyrmaly bolarlar. Olaryň üçüsi hökmany, biri bolsa ýöriteleşme synagydyr. 1-nji iýunda ähli uçurymlar ene dili we edebiýaty dersinden düzme ýazmaga girişerler. Bu synag üçin 6 sagat wagt berler.

5-nji iýunda algebra we analiziň başlangyçlary dersinden ýazmaça synag geçiriler. Bu synag uçurymlara 5 sagat wagt berlip, ýurduň ähli mekdeplerinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, jemgyýeti öwreniş dersi hem-de ýöriteleşme synagy mekdepler tarapyndan içerki tertip esasynda dilden tabşyrylar.

Uçurymlar ýöriteleşme synaglaryny öz isleglerine görä saýlap bilerler. Bu ýyl takyk ylymlardan fizika, tebigy ylymlardan biologiýa, ynsanperwer ylymlardan bolsa Türkmenistanyň taryhy derslerinden synag bermek mümkinçiligi döredilýär.

Şeýle hem, şu okuw ýylynyň netijesinde 90 müňden gowrak uçurym orta mekdebi tamamlar. Olar tabşyran synaglarynyň netijelerine görä orta bilim hakyndaky şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy meýilleşdirilýär.

Ýatlatsak, şu ýyl ýedi ýaşynda orta mekdebe başlan okuwçylar 11-nji synpy tamamlaýarlar. 6 ýaşynda mekdebe baran okuwçylar bolsa geljek ýyl uçurym bolarlar.