logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Türkmenistanda Russiýanyň Medeniýet günleri geçiriler
  17.03.2024
503
Türkmenistanda Russiýanyň Medeniýet günleri geçiriler

Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministriniň orunbasarynyň arasynda geçirilen ýygnakda ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary, rus tarapynyň bu çäräniň meýilnamasyna aýdym-saz we tans çykyşlaryndan başga-da, medeni şahsyýetleri: kinorežissýorlary, kompozitorlary, suratkeşleri, heýkeltaraşlary, kitaphanalary, muzeý işgärleri we ş.m. goşmak baradaky teklibini aýtdy.

 

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministri O.B.Lýubimowanyň türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan Halkara Medeniýet ministrleriniň konferensiýasyna gatnaşjakdygy habar berildi.

 

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň çäginde medeni we ynsanperwer ugurda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň soňky döwürde barha güýçlenýändigini mälim etdiler.

 

Leýli MATYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.