logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmenistanda «sibir aýazlary» dowam edýär!
  16.01.2023
1278
Türkmenistanda «sibir aýazlary» dowam edýär!

Şu günler tutuş Türkmenistany adatdan daşary aýazly howa gurşap aldy. Ýurduň käbir sebitlerinde bolsa noldan aşak derejedäki rekord görkezijiler bellige alyndy. Türkmenistanda şunuň ýaly «sibir aýazlary» her ýyl bolmaýar.

Belläp geçsek, ýurtda soňky gezek şeýle sowuk we aýazly howa 2008-nji ýylda bolupdy. Indi 2023-nji ýylyň gyşy hem noldan aşakdaky rekord görkezijileri bilen ýatda galar.

Şunuň bilen baglylyk-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi sowuk aýazly günlerde burnunyň nemli bardasyna «oksolin» melhemini çalmagy, pasyla görä geýinmegi we С witamine baý önümleri iýmegi, otaglaryň penjiresini wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmagy, howany tämizlemek üçin üzärlik tütetmegi, asgyrylanda, üsgürilende, agzy we burny elýaglyk bilen ýapmagy, elleri arassa saklamagy hem-de ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmagy maslahat berýär!