logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanda STEAM usulyna isleg artýar
  13.11.2022
1777
Türkmenistanda STEAM usulyna isleg artýar

“Ak nesil” okuw merkezi STEAM usuly bilen bilim bermäge başlady.

 

Ýekşenbe güni “Ak nesil” okuw merkezi STEAM usulyýeti boýunça görkezme sapagyny geçirdi. Sapaga merkeziniň mugallymlary, ýaş diňleýjileri we olaryň ene-atalary gatnaşdy. Görkezme sapagyň ilkinji bölüminde dünýäde giňden ulanylýan STEAM usulyýeti barada umumy düşünje berildi.

 

“Ak nesil” okuw merkezinde ulanylýan STEAM usuly çaganyň köpugurly we özboluşly çemeleşmäge ýardam berýär. Bu sözüň asyl manysy iňlis dilindäki “science (tebigy ylymlar), technology (tehnologiýa), engineering (inženerlik), art (sungat), maths (matematika)”  sözlerden gelip çykýar. Munda okatmagyň häzirkizaman usullary ylmyň, tehnologiýanyň, inženerçiligiň, sungatyň we matemikanyň kömegi bilen utgaşdyrylýar. Bu usul diňleýji-merkezli bolup, her çaganyň öz tebigaty we başarnyklary esasynda çemeleşilýär, her bir diňleýjä aýratyn üns berilýär.

 

Bu barada merkeziň usulyýetçisi Muhammet Kadyrow şeýle belleýär:

“Adaty okadylyş usullarynda çagalaryň sungata we döredijilige höweslendirmek kyn bolýar. Biziň ulanýan usulymyz çagalaryň sungata bolan höweslerini artdyryp, netijeli ylym öwrenmäge itergi berýär. Şol sebäpden hem, 6-8 ýaş aralygyndaky çagalara bu usul bilen bilim berlende, olaryň döredijilik ukyplary artýar, öwredilýän dilleri çalt özleşdirýärler.”

 

«Ak nesil» okuw merkezinde kiçi ýaşly çagalar üçin möhletli okuwlary hödürleýär. Merkeziň hödürleýän okuw hyzmatlaryna bolan isleg günsaýyn artýar.

 

Peristan TÖRÄÝEWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň,
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby