logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistanda stekloplastiklerden gaýyk önümçiligi ýola goýuldy
  06.02.2023
1448
Türkmenistanda stekloplastiklerden gaýyk önümçiligi ýola goýuldy

Häzirki zaman tehnologiýalar eýýamynyň senagat önümçiliginde kompozit materiallar giňden ulanylýar. Kompozitler dürli garyndylaryň goşulmagyndan taýýarlanylyp, olaryň polimerden, metal matrisasyndan, keramikadan ýasalýan görnüşleri giňden ýaýrandyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Şanly mekan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýan önümçilikde hem, esasan, polimer kompozit materiallaryň bir görnüşi bolan stekloplastikler giňden ulanylýar.

2022-nji ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýetinde nanotehnologiýalar esasynda taýýarlanylýan we bütin dünýäde giňden ulanylýan stekloplastiklerden gezelenç etmek, balyk tutmak üçin dürli görnüşli çaklaňja gaýyklar, şeýle hem gysga wagtyň dowamynda, has takygy, 2-3 günüň içinde tomus aýlarynda suwa düşülýän suw howuzlary taýýarlanylyp, müşderilere hödürlenilýär. Buýurmalar esasynda iş alyp barýan hojalyk jemgyýetiniň önümlerine bolan isleg barha artýar. Önümçiligiň esasy çig maly daşary döwletlerden getirilýär we stekloplastikler berklik, çüýremezlik häsiýetleri bilen tapawutlanýarlar.