logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanda talyplaryň arasynda halkara olimpiadalar geçiriler
  21.01.2023
1193
Türkmenistanda talyplaryň arasynda halkara olimpiadalar geçiriler

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy 2023-nji ýylda talyp ýaşlara öz bilim we döredijilik zehinini ýüze çykarmaga täze mümkinçilikler dörediler.

Häzirki wagtda ýurdumyzda türkmen talyplarynyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda olimpiadalary guramaga hem-de geçirmäge taýýarlyk görülýär, olar ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam eder.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 23 — 28-nji apreli aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda III Açyk halkara matematika olimpiadasyny ilkinji gezek Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 2023-nji ýylyň 12-nji aprelinde makroykdysadyýet, 16-njy maýynda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.

Arkadagly Serdarymyz şeýle aň-paýhas bäsleşikleriniň geçirilmeginiň diňe bir zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga däl, eýsem, dürli halklar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de dünýäniň esasy ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini nygtaýar. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.