logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi dörediler
  08.03.2024
889
Türkmenistanda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi dörediler

Döwletiň milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny döwrüň täzeçil talaplaryna laýyk getirmek, BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek teklip edildi. 

 

Bu geňeşiň wezipeleriniň hatarynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalary taýýarlamak, seçip almak, tassyklamak bilen bagly işleri utgaşdyrmak we Türkmenistanyň Hökümetine bu babatda teklipleri taýýarlamak wezipesi bar.

 

Şunuň bilen birlikde, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” we kabul edilen hereketleriň milli meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine syn etmek, olary iş ýüzünde amala aşyrmagyň ýollaryny maslahatlaşmak teklip edilýär.

 

Gurban BEGALYÝEW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.