logo

Latest news:
✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦
Home / Society /Türkmenistanda ýanwar aýyndan zähmet haklary 10% ýokarlandyryldy
  06.01.2023
2007
Türkmenistanda ýanwar aýyndan zähmet haklary 10% ýokarlandyryldy

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň ýanwar aýyndan başlap zähmet haklary ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap hem pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary ýene-de 10% ýokarlandyryldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanda iň pes zähmet hakynyň möçberi 1 160 manat, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň iň pes möçberi 1 880 manat, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň iň pes möçberi 550 manat möçberde bellenildi. Pensiýalaryň ortaça möçberi 450 manada, döwlet kömek pullarynyň möçberi bolsa 430 manada barabardyr. Çaga dünýä inendäki kömek puly 1 075 manatdan 5 160 manada çenli kesgitlenilýär. Bu mukdar maşgaladaky çagalaryň sanyna hem baglydyr.