logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /Türkmenistanda ÝB-Merkezi Aziýa formatda daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygy geçiriler
  22.03.2024
704
Türkmenistanda ÝB-Merkezi Aziýa formatda daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygy geçiriler

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary komissary Josep Borrel bilen duşuşdy.

 

 

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

 

 

Şol bir wagtyň özünde, geljegi uly ugurlaryň arasynda energetika, ulag, sanlylaşdyrma, bilim we daşky gurşaw görkezildi. ÝB-Türkmenistan bilelikdäki komiteti, adam hukuklary boýunça dialog we parlamentara dialog ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mehanizmleriniň ähmiýeti nygtaldy.

 

 

Mundan başga-da, sebit howpsuzlygy meselesinde jikme-jik pikir alyşma geçirildi, bu ýerde Türkmenistanyň daşary işler ministri hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerine esaslanyp, Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurdaky tagallalaryna we başlangyçlaryna ünsi çekdi.

 

 

Taraplar, şu ýyl Türkmenistanda ÝB-Merkezi Aziýa formatda daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyny guramak meselelerinede degip geçdiler.

 

Annabibi ABDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.