2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde ýurdumyzda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň dabaralanmagy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň mejlisler zalynda guralyp, oňa ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösüş derejesi hem-de geljekki ugurlary boýunça giň gerimli çykyşlar edildi. Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň direktory, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamow çykyş edip, gatnaşyjylary gutlady hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi.
Maslahata daşary ýurtly hünärmenler hem onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Russiýa Federasiýasyndan Oleg Aleksandrin innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugurlary barada çykyş etdi. Hytaý Halk Respublikasyndan Çžan Sýao we Sýan Weý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de mikrobiologiýa ugrunda bilelikdäki taslamalary ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Russiýaly bilermen Alekseý Soluýanow Türkmenistanda 2026–2028-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasy bilen bagly tekliplerini beýan etdi. Gazagystandan Gülnara Abişewa bolsa bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň we ekspertizanyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ähmiýetini belläp geçdi.
Şeýle hem saglygy goraýyş, maglumat tehnologiýalary we hyzmatlar ulgamy boýunça çykyşlar edildi. Türkiýeden Enkhbaatar Uliibayar we Jem Gözener lukmançylyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň orny barada pikir alyşdylar. Gruziýadan Dawid Iordanişwili bolsa sanly ulgam arkaly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi.
Energetika we senagat ulgamlary boýunça çykyşlar hem maslahatyň möhüm bölegini düzdi. Türkiýeden gelen hünärmenler Abdullah Örs, Nedim Baral, Orhan Gün we Zafer Türkoglu nebit-gaz pudagynda innowasion çemeleşmeleriň orny hem-de serişdeleri netijeli ulanmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşdylar.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze innowasion taslamalary durmuşa geçirmek we tejribe alyşmak boýunça pikir alyşdylar. Jemleýji çykyşlarda halkara hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ylmy we tehnologik ösüşinde möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.
Hünärmenleriň bellemegine görä, şeýle halkara maslahatlar ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ykdysady ösüş üçin hem täze mümkinçilikleri açýar.