logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi
  03.09.2023
1076
Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi

1-nji sentaýbrda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda  ýurdumyzda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çärä badalga berildi. 

 

Biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň we sürüjileriň ählisiniň hukuk garaýyşlarynyň kämilleşmegine, ýol medeniýetini berjaý etmekdäki hoşniýetli garaýyşlarynyň, ynsanperwer gatnaşyklarynyň has ýokarlanmagyna täsirini ýetirip, jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň saglygy we howpsuzlygy hakynda döwlet derejesindäki aladanyň aýdyňlygyny görkezýär.

 

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny halkymyzyň durmuşynyň asudalygy bilen birlikde, ýurdumyzyň arassa, ýagty, hereketleri amala aşyrmak üçin dünýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan ýollarymyzda sazlaşykly işleriň ýola goýulmagyny üpjün edýär. Şeýle sazlaşan hereketleriň ykdysady, syýasy, hukuk, ekologik taýdan oňyn netijeleri döretmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde asylly däp bolan biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.