logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistandan Gazagystanyň üsti bilen ugradylan konteýner ýükli otly Hytaýa bardy
  28.03.2022
1124
Türkmenistandan Gazagystanyň üsti bilen ugradylan konteýner ýükli otly Hytaýa bardy

Ýurdumyzdan Gazagystanyň üsti bilen ugradylan konteýner ýükli otly bäş günden Hytaýa bardy. Otluda gips ýüklenen kyrk futluk konteýnerleriň 42-si bar. Konteýner ýükli otlynyň ekspeditory «KTZ Express» PJ we «Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi» AGPJ-dir.

Ýurdumyzdan ugradylan konteýner ýükli otlynyň geçmeli umumy uzaklygy 4150 kilometr bolup, onuň 3450 kilometri Gazagystanyň içinden geçýär.

Ýatladyp geçsek, «Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi» AGPJ (TULM) 2018-nji ýylda döredildi we daşalýan halkara hem-de poçta ýükleriniň möçberini artdyrmaga ýardam etdi. “TULM” AGPJ - şeýle hem Hytaýdan Türkmenistana demir ýol konteýner ýüküni getirmegi gurady, ilkinji sostaw 2020-nji ýylyň maý aýynda Gypjak stansiýasyna gelipdi.