logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Türkmenistanly aýakgap öndürijiler «UzCharmExpo-2022» Halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşarlar
  25.08.2022
976
Türkmenistanly aýakgap öndürijiler «UzCharmExpo-2022» Halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşarlar

Ýurdumyzyň gönden ýokary hilli aýakgap öndürijileri 12-14-nji oktýabrda Özbegistanyň paýtagynda geçiriljek gön-aýakgap senagatynyň «UzCharmExpo-2022» 13-nji Halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşarlar.

 

 

«UzCharmExpo» Halkara sergi-ýarmarkasy ýylda iki gezek geçirilip, Merkezi Aziýada iri sergileriň biridir. Sergide Russiýadan, Belarusdan, Türkiýeden, Hindistandan we beýleki ýurtlarda öndürilen aýakgap harytlary görkeziler.

 

 

Sergä gatnaşmak isleýän ýurdumyzyň wekilleri Söwda-senagat edarasyna degişli talapnama bermeli ýa-da (+993 12) 39 88 81 telefon belgisine jaň etmeli.

 

 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýerli gönden tikilen brendleriň arasynda «Röwşen», «MB Shouse», «Ýelken», şeýle hem «Sada» söwda belgili aýakgaplar bar.