logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanly okuwçylar I Açyk internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
  17.01.2023
2472
Türkmenistanly okuwçylar I Açyk internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Golaýda, S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwerstitetiniň gurnamagynda ýurdumyzyň tebigy ylymly ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa we himiýa dersleri boýunça I Açyk internet olimpiadasy geçirildi.

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary bu internet arkaly geçirilen bäsleşige işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmagy başardylar. Mekdep-internatynyň okuwçylary biologiýa dersinden 1 sany I orna, 2 sany II orna, himiýa dersinden 3 sany I orna, 3 sany II orna, jemi 11 sany baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Biologiýa dersinden Çaryýewa Dinara I oruna, Sahydöwlet Hümmetjumaýew II oruna, Selbinýaz Hümmedowa II oruna, Çaryýewa Jennet III oruna, Bägül Batyrowa III oruna mynasyp boldy.

Himiýa dersinden Aýjemal Hudaýkulyýewa I oruna, Adyl Serdarow I oruna, Şatlyk Batyrow I oruna, Şamuhammet Handurdyýew II oruna, Bakymyrat Ilamanow II oruna, Mekan Ahmedow II oruna mynasyp boldy. 

 

Kakageldi AKMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.